Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak medeniýet öýi hem – de Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen bilelikde gurnamagynda “Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr” ady bilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çeper höwesjeňler bilen gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň innowasion tehnologiýalary bilen ösüp belent sepgitlere eýe bolýar. Ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak, halkymyza elýeter bolmagyny gazanmak, eneler we çagalara berilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriň ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2025-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen milli Maksatnamasyna” laýyklykda gurulup ulanylmaga berilmeli binalary dünýäniň ösen tehnologiýalary Germaniýanyň, Wengriýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki Ýewropa ýurtlarynda öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi ýurdumyzda adam saglygyna uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Çäräniň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ähli halkymyzy ýetip gelýän baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şeýle ajaýyp zamanany, Berkararlygy, Bagtyýarlygy peşgeş berip, halkyny bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.