SUNGATY SÖÝÜJI ÝAŞ NESILLER

,

Ýakynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 10-yna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine ýörite döredijilik gezelenjini gurnady. Döredijilik gezelenjiniň dowamynda mugallymlar we okuwçy ýaşlar muzeýiň gymmatly taryhy zallaryna aýlanyp taryhy gymmatlyklary ýakyndan synladylar.

        Muzeýiň ekspozisiýasynda Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri bolan Jeýtundan, Altyndepeden, Marguşdan, Köne we Täze Nusaý patyşalygyndan, Merwden, Köneürgenç döwletlerinden tapylan tapyndylary uly gymmatlyk hökmünde saklanýar. Gadymy dünýä taryhy zalynda, Antik zalynda, Orta asyrlar zalynda, Etnografiýa zalynda saklanýan küýze önümleri çagalaryň ünsüni özüne çekdi. Dürli döwürlerde ýasalan küýzelere, nagyşly küýze önümlerine, olaryň aýratynlyklaryna many-mazmunyna, çeperçilik aýratynlyklaryna ýakyndan syn etdiler.             

       Döredijilik gezelenji, mekdebimiziň keramika bölüminde okaýan okuwçylaryna we bu hünärden bilim berýän mugallymlara uly täsir galdyrdy. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun.