SUNGATYŇ ÝAŞ UÇGUNLARY

,

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň dowam edýän günlerinde Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaşlarynyň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň döredijilik sergisi gurnaldy. Sergi Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň sergi jaýynda gurnaldy. Döredijilik sergisinide şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, keramika we zergärçilik ýaly hünärlerden bilim alýan ýaşlaryň taslama eserleri çykyş edýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna bagyşlanan bu ajaýyp sergi Mukaddes Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna bagyşlanýar.

      Sergide ýaş suratkeşler Sagulyýewa Tumaryň “Balykçy” 2025 ý., Guwanjowa Aknuryň “Owadan gülli natýurmort” 2025 ý., Soýundukowa Melisanyň “Gülli, ir-iýmişli natýurmort” 2025 ý., Ýazmedowa Leýliniň “Ýaş taslamaçylar” 2025 ý., Merdanowa Ogulaýyň “Eli çeper gelin gyzlar” 2025 ý., Ataýewa Ýazdursunyň “Magtymguly” 2025ý., Ýazmämmedow Ahmetnuryň “Tumar daşbent” 2025 ý., Aksakgalow Eziziň “Pişikgöz gaşly daş” 2025 ý., ýaly göreldeli öňdebaryjy okuwçylaryň eserleri has-da tapawutly boldy.

       Şeýle ajaýyp pursatdan peýdalanyp Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we zehinli okuwçy ýaşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilip berilýän ähli mümkinçiliklere köp-köp sagbolsunlar aýdýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun.