TEBIGAT GÖZELLIGI TÄSIN DÜNÝÄ

,

Gözel ýurdumyza pasyllaryň soltany bahar pasly geldi. Bahar pasly tebigata jan berip, özüniň arassa sergin howasy bilen her bir ynsana ýakymly täsirini ýetirýär.

Türkmen tabigatynyň gözelligi özboluşly, täsin pursatlara baý bolup, her paslyň aýratynlyklary wasp edilmäge mynasypdyr. Islendik ynsan üçin tebigatyň lezzetini duýyp, medeniýetli dynç almak, tebigat gözelliklerini wasp etmek, suratlandyrmak sungat-medeniýet döredijilik adamlaryň ylham şogununyň netijesidir. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlarydyr, okuwçylary ýaz paslynyň tämiz howasyndan dem alyp, gökdere jülgesiniň dag gerişleriniň gözelliklerini suratlandyrmak maksady bilen açyk howadaky tejribelik, döredijilik pursatlaryna çykdylar.

Döredijilik pursadynyň dowamynda ýaşlarymyz ak kagyzyň ýüzünde mahmal howaly dag tebigatyny belent wasp etdiler. Nurly günüň tyllaýy şuglasy dag gerişlerine özboluşly gözellik çaýýar. Baglaryň pyntyklamasy, guşjagazlaryň jürküldili sesleri ylla diýersiň Bagtyýarlygyň hoş owazy ýaňlanýan ýaly mysaly.

Ata-babalarymyz:  “Eşiden deň bolmaz-gören göz bilen” diýen, sadadan manyly aýdylan bu sözüň düýp mazmuny düşünmek isleseň tebigatyň gaýtalanmajak täsin pursatlaryna janly şaýat bolamak gerekdigini düşündirilýär. 2-nji çagalar çeperçilik mekdebimiziň göreldeli okuwçylary hem öz gezeklerinde Gökdere jülgesiniň dag gerişleriniň owadan pursatlaryny janly ýagdaýda suratlandyrdylar. Şeýlelikde Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň göreldeli, zehili çagalary hem bu döredijilik pursatlaryna işjeň gatnaşdylar. Mähriban Watanymyzyň bedew batly ösüşli menzillerini belent ruhda aýdym-sazlaryň üsti bilen wasp etdiler.

Şeýle ajaýyp pursatdan peýdalynyp Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we zehinli okuwçy ýaşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilip berilýän ähli mümkinçiliklere köp-köp sagbolsunlar aýdýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun.