Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylyklarynda ýurdumyzda toýlar ulydan goşadan tutylýar. 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň iň bir gözel künjekleriniň biri bolan “Parahat -7” ýaşaýyş toplumynda täze jaýlaryň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda aýdym-sazlaryň owazlary has belent ýaňlanyp toý dabarasy has belent ruhda mynasyp geçirilýär. Bu ajaýyp dabara Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we zehinli okuwçylary ýörite baýramçylyk sergisi we döredijilik pursatlary bilen işjeň gatnaşdylar. Baýramçylyk dabaranyň dowamynda aýdym-sazlaryň belent mahmal owazy has joşgunly boldy. Bu ajaýyp baýramçylyk dabarasyna gatnaşan toý mähellesi milli lybaslarda bolup, toý şowhununa joşgunly goşant goşdular.
Dabara gatnaşyjylary milli lybaslardaky gyzlar nazu-nygmat bilen garşyladylar. Ýaşaýyş jaýyna mynasyp bolan ildeşlerimiziň bagtyýar pursatlary has tolgundyryjy boldy. Şeýle gözellikleri ýakyndan synlap, toý ruhynda çykyş eden 2-nji çagalar çeperçilik mekdebimiziň şekillendiriş sungatyna höwesli okuwçylary üstünlikli we dabaraly ruhda işjeň gatnaşdylar. Öz döredijilik taslamalaryny şol pursatdaky toý dabarasyna bagyşladylar. Şekillendiriş sungatyna höwesli ýaşajyk suratkeşlerimiziň ýerine ýetiren her bir döredijilik eserlerine baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar uly höwes hem-de buýsanç bilen synladylar. Döwrüň ajaýyp ruhy, Baky bagtyýarlygymyzyň röwşen nury ýaş suratkeş okuwçylarymyzyň batly we bagtly gadamlarynda aýdyň duýylýar. Höwesli ýaşlarymyzyň çaga kalplaryndan döreýän döredijilik eserlerine ýokary baha berdiler.


Gurnalan ýörite döredijilik sergä körpeje jigilermiz, ýaşuly nesillerimiz umuman toý dabarasyna gatnaşan adamlaryň ählisi uly gyzyklanma bilen syn etdiler.

Şeýle ajaýyp pursatdan peýdalynyp Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we zehinli okuwçy ýaşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilip berilýän ähli mümkinçiliklere köp-köp sagbolsunlar aýdýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun.