Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty barha belende göterilýär

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynda  “Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty barha belende göterilýär” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

          Gürrüňdeşlikde çykyş edenler bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň  “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä ýüzünde giň meşhurlyga eýe bolmagy, dünýä belli bu topar ýurdumyzda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem taryhy ýeňiş bilen başlamagy, has takygy “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörüte baýrakly orunlara mynasyp bolmagy Bitarap, Garaşsyz ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da beýgeldendigi hakynda buýsançly gürrüň etdiler. Şeýle-de halkara derejede gazanylan ýeňiş mynasybetli Arkadag şäherinde uly dabaranyň bellenilmegi, Hormatly Prezidentimiziň  “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyny pul baýragy bilen sylaglamagy buýsandyryjy wakalaryň biri bolandygy hakynda beýan etdiler.

          Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen döwletiniň dünýä ýüzünde giňden tanalmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş  sözlerini aýtdylar.