Türkmen keşdeçilik sungaty –Adamzadyň maddy däl medeni mirasy

,

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmeniň Taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý milli mirasymyzyň bir bölegi biziň gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň miwesi  hasaplanýan keşdeçilik sungaty bolup durýar.Özüniň bezeg aýratynlygy,özüne çekiçiligi bilen tapawutlanýan türkmen nagyşlarynda halkymyzyň gözel tebigatynyň keşbini, millilik ruhyny görmek bolýar. Türkmen zenanlarynyň duýgusyndan, gözelliginden, nepis döredijiliginden gözbaş alýan keşdeler öz gymmatyny häzirki günlerimizde-de ýitirmän gelýär. Türkmeniň “Keşdeçilik sungatynyň” Birleşen Milletler Guramasynyň bilim,ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň  sanawyna girizilmegi bolsa bu sungatyň dünýä üçin ähmiýetini ykrar etdi. 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Hormatly  Prezidentimize  ÝUNESKO-nyň Tährandaky  klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Huri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilen “Türkmen keşdeçilek sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň  däpleri” hem-de “Molla  Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly maddy däl medeni mirasyň degişli güwanamalaryny gowşurdy. Türkmen zenanlaryny irki döwürlerden bäri lybaslary keşde bilen bezäp geýmeklige uly üns beripdir.Olar diňe bir egin-eşikleri däl, eýsem hojalykda ulanylýan dürli esbaplary hem keşdeläpdirler.Türkmen halkynyň döreden milli, medeni gymmatlyklarynyň arasynda keşdeçilige mynasyp orun degişlidir. Çünki el senedi irginsiz zähmeti,sabyrlylygy,zehini,ukyp-başarnyklylygy, döredijiligi talap edýär.Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda: “Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip,dünýäni haýran eden türkmen zenanyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri bolsa ýöne bir senet däldir, ol sungatdyr, kerem-keramatdyr!” diýip, keşdeçiligiň sungat derejesine ýetirilmegine ýokary baha berýär.       

      Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyga beslensin!