Türkmenistan – parahatçylygyň, dostlugyň we beýik üstünlikleriň ýurdy

Aşgabat şäher medenýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow  adyndaky  kitaphana  şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Türkmenistan – parahatçylygyň, dostlugyň we beýik üstünlikleriň ýurdy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanmyzda parahatçylyk we ynanyşmak biri-biri bilen aýrylmaz baglanşykly iň gymmatly düşünjeler bolup ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülendigini uly buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahyman Serdarymyza alkyş sözlerini buýsanç bilen beýan etdiler.