Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda “Türkmenistan – parahatçylyk mekany, Bitaraplyk – baky bagtyň mukamy” ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler parahatçylygyň bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylmagy ähli halkymyzy, ylaýta-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryny tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ynsanperwerlige, hoşniýetli goňşuçylyga, parahatçylyk söýüjilige, yhmansöýerlige ýugrulan asylly ýörelgeler, häzirki döwürde has-da ösdürilýändigi we dünýä ýaýylýandygy barada beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda şeýle bagtyýarlyklaryň başynda duran, halkynyň arzuw-umytlaryny myrat edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.