Waspyň sena boldy, dillerde bedew

          Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Waspyň sena boldy, dillerde bedew” ady bilen  gürrüňdeşlik geçirildi.

          Gürrüňdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň asylly ýörelgelerinde bedew atlary seýislemek, arassa ganly bedewleri gorap saklamak häzirki ajaýyp döwrümizde has-da ýaýbaňlandyrylýandygy, çünki ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty bütin dünýä ýüzünde has-da belent derejelere ýetirendigi barada gürrüň berdiler.

          Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýäde belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.