Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak medeniýet öýüniň hünärmenleriniň bilelikde gurnamagynda “Watan mukaddesdir” ady bilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli “Watan mukaddesligi” muzeýinde medeni çäre geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýokary ruhubelentlikde bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz toýdur baýramlaryň şatlykly günleriň watanyna öwrüldi.
Çärede çykyş edenler hormatly Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň badalga beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanmyzyň asudalygyny gorap, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek ugrynda alnyp barylýan tutumly işleri barda giňişleýin gürrüň edildi. Watan goragçylarynyň güni ýatdan çykmajak toýly tomaşaly bagtyýar günlere beslenýär.
Çäräniň ahyrynda bize şular ýaly uly mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlanmagyny arzuw etdiler.