Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebinde 2025-nji ýylyň mart aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň Aşgabat şäher Büzmeýin etrap ýangyn howpsuzlyk gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagynda giňişleýin wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýygnagyň dowamynda ýörite gelen wekilleriň gyzykly çykyşlary has täsirli we manyly boldy. Käbir döräp biläýjek hadysalaryň öňini özbaşdak hereketler bilen almaly däldigini hem-de ýörite bar bolan degişli gullyklara habar bermekligi belläp geçdiler. Okuw jaýynda bar boln tok enjamlaryndan hem seresaply peýdalanmaklygy maslahat berdiler. Şeýle hem wagyz-nesihat ýygnagynyň dowamynda ýangyn dörän halatlarynda ýangyn söndürijilerden nähili ýerlikli we ünsli peýdalanmaklygy janly görnüşde görezip geçdiler. 2-nji çagalar çeperçilik mekdebimiziň mugallymlary we okuwçy ýaşlary her bir aýdylan belliklere dogry we dürs düşündiler. Özlerinde bar bolan gyzykly soraglara mynasyp jogaplary aldylar.

Şeýle ajaýyp pursatdan peýdalynyp Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we zehinli okuwçy ýaşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilip berilýän ähli mümkinçiliklere köp-köp sagbolsunlar aýdýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun.