Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy “Çagalary goramagyň halkara güni” mynasybetli “Ýaş nesil – röwşen geljegimiz” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler bagtyýar çagalygyň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy Türkmenistan döwletimizde 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni ajaýyp pursatlara beslenip, baýramçylyk biziň ýurdumyzda giňden bellenilýändigi hakynda aýtdylar. Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym- sazly dabaralar, medeni jemgyýetçilik çäreleri türkmen halkymyzyň durmuşuna hem bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelermiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döreýändigi, bu şanly gün mynasybetli, geçirilýän her bir çäreler baldan süýji balalara unudulmajak täsirleri, şatlyk duýgularyny peşgeş berýändigini buýsançly beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyzda ýaş nesilleriň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alkyş sözlerini aýtdylar.