“Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy”

,

   Ýurdumyzda bilim terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberi özgertmeler maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlara möhüm üns berilýär. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.