ÝAŞ SURATKEŞLER AJAÝYP GÖZEL SUNGATYŇ AŞYGY

,

      Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe gadamy batly ýaşlarymyzyň şekillendiriş sungatyna höwesleri has döredijilikli. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçy ýaşlary 2025-nji ýylyň Fewral aýynyň 8-ne Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýine döredijilik okuw tejribeliginde boldular. Türkmen şekillendiriş sungatynda uly yz goýan ussat suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň öz döwründe döreden döredijilik eserlerine ýakyndan syn etdiler.

Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýi türkmen şekillendiriş sungatynda uly zy goýan ussat halypalaryň döredijilik eserleriniň saklanýan altyn gaznasy bolup durýar. Muzeý iki gatdan ybarat bolup, her gatda birnäçe ekspozisiýa zallary bar. Has irki döwürden tapylan sungat eserleriniň, XX asyrda dörän türkmen şekillendiriş sungatynyň görnükli wekilleriniň täsin döredijilik eserleri, häzirki zaman ýaş suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň döredijilik eserleri her bir tomaşyja ruhy lezzet berýär. Dürli mowzuklardan döredilen eserleriň her birsinde uly bir durmuşy, taryhy pursatlar janlandyrylýar.

      Muzeýiň dabaraly açylmagy bilen bagly binanyň ikinji gatynda sowgatlyk berlen Günbatar hem-de Gündogar ýurtlarynyň dünýä belli ussat şekillendiriş sungatynyň wekilleriniň öz döwürlerinde döreden ajaýyp sungat eserleri hem bar. Bu döredijilik eserler hem mugallymlarymyza we okuwçy ýaşlarymyza ýakymly täsirleri döredip, ruhy lezzet berdi.

      Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli belent başlagyçlarynda uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris.