Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we Sport institutynyň bilelikde guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Ynsanyň saglygy – ýurdyň parahatçylygy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde ýurdumyzda bedenterbiýe we sporta aýratyn ähmiýet berilýändigi hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçilýändigi barada giňişleýin söhbet edilip, şeýle-de saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdygy, beden taýdan sagdynlygyň, berkligiň we güýç-kuwwatyň abadan durmuşyň gözbaşy saglyk bolup durýandygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.