Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Merkezi we kitaphana şahamçalarynyň okyjylarynyň arasynda “Ýylyň göreldeli okyjysy” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň okyjysy, 7-nji çagalar sungat mekdebiniň skripka hünäriniň 4–nji synp okuwçysy Seýtgulyýewa Aýläle gatnaşyp 3-nji orna mynasyp boldy. Seýtgulyýewa Aýläle mekdepden boş wagtlary Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasyna gatnap birnäçe kitaplary höwes bilen okap bäsleşigiň baýrakly orunlaryna mynasyp boldy. Aýdym-saz sungatynyň aşygy bolan Seýtgulyýewa Aýläle kitaplar dünýäsindäki gazanan üstünlikleriniň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw etdi.
