Ýylyň  – göreldeli okyjysy

      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgünde Magtymguly adyndaky merkezi kitaphana  we kitaphana şahamçalarynyň okyjylarynyň  arasynda “Ýylyň – göreldeli okyjysy” ady bilen bäsleşik geçirildi.  

      Çäräniň başynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe ajaýyp sazlar ýaňlandy we gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa bäsleşige gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.  Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onuň esasy maksady kitaphana gelýän okyjylaryň ukyp başarnygyny ýüze çykarmak, okan kitaplaryny içgin özleşdirmek hem-de döwrüň talaplaryna kemsiz jogap berip bilýän ýaş nesilleri kemala getirmek bolup durýar. Bäsleşikde çykyş eden okyjylar öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler we emin agzalar tarapyndan bäsdeşlere adalatly baha berildi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan okyjylara sowgatlardyr, hormat hatlary gowşuryldy.

      Çäräniň ahyrynda bäsleşige gatnaşanlar eşretli zamanany peşgeş beren  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman  Serdarymyza  alkyş sözlerini beýan etdiler.