Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen 80-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zeminiň ýaraşygy mährem eneler” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenan mertebesiniň belentde tutulmagy, ýaşaýşyň diregi, dünýämiziň bahar görki bolan enelerimiziň, uýalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň, asylly, abraýly maşgalanyň kemala gelmegi, zenan maşgala ahlak gözelligiň nusgasy bolup, mukaddes ojagyň diregidigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kümüş saçly enelerimiziň pähim-paýhasa ýugrulan mähriban sözleriniň, görüm göreldesiniň esasynda çagalaryň terbiýelenmegi, halkymyzyň gymmatly ýörelgeleriniň biri bolan gelin-gyzlarymyzyň mertebesiniň belent tutulmagy öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygy barada çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary ene-mamalarymyza öz söýgülerini, ýürek buýsançlaryny wasp edýän aýdym-sazlaryň, goşgularyň üsti bilen beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy babatda beýik işleri amala aşyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.