“Zenan-zeminiň zynaty”

,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Ýasmansalyk medeniýet öýi we Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgüniň gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zenan-zeminiň zynaty” atly aýdym-sazly, söhbetdeşlikli medeni çäre geçirildi. Çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň aýdymçysy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşirin Annamyradowa hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa we  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy. Dürjemal Çaňlyýewadagylaryň tegelek stoluň başyndaky aýdym-sazly söhbetdeşligi boldy. Çäräniň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe berekediň  hem bolçulygyň gujagynda ýaşaýan ata Watanmyzyň  goýnunda geçirilen her çärede, maslahatda ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan gelin-gyzlarmyzyň  türkmeniň  asyrlardan gelýän däp-dessurlaryna eýerip milliligmizi, ahlaklylygymyzy, edep-ekramlylygy goramakda yzygiderli işler alnyp barylýandygy dogrusynda buýsanç bilen bellediler.Çäräniň ahyrynda Biz ýaşlary şeýle bagtly, bagtyýar durmuşda ýaşadýan, zamanamyza gözellik bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ylhamly gadamlary batly bolmagyny arzuw etdiler.