Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň gatnaşmagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zenan zeminiň zynaty” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgala mukaddesliginiň synmajak sütüni bolan bahar gülleri ýaly owadan, mähirli, sada-dan sypaýy gelin-gyzlarymyz türkmen zenanyna mahsus asyllylygyň we edep-ekramlylygyň terbiýe mekdebidigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzy, kümüş saçly enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda zenan mertebesini arşa göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.