Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zenanlar-gözelligiň göwheri” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen zenanlarymyza ýurdumyzda goýulýan hormat sarpa hem-de gelin-gyzlarymyzyň durmuşdaky orny barada gürrüň berildi. Diýarymyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabaralaryň giň gerime eýe bolmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlara pul sowgadyny bermegi hem-de köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy, hormatly adyň nyşanlarynyň, şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze öýleriň berilmegi, bu bolsa ýurdumyzyň zenanlaryna gelin- gyzlaryna ýatdan çykmajak sowgat bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýlede çärä bagyşlap gurnalan kitap sergisi, 7-nji çagalar sungat mekdebiň nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň çeken suratlary çärä gatnaşanlarda täsir galdy we gyzyklanma döretdi.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.