Zenanlar ýagty dünýäniň ýaraşygy

         Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata  Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zenanlar – ýagty dünýäniň ýaraşygy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

      Söhbetdeşlikde ata-babalarymyzyň her bir jemgyýetiň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda mukaddeslige deňelýän ene mähremligine aýratyn hormat goýmak ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alnyp, Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän nesli ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýulýandygy barada çykyş etdiler. Şeýle-de zenana hormat goýmakda  Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp kitaby nusgalyk ýörelge bolup durýandygy hakynda hem giňişleýin söhbet etdiler.

       Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäniň görki, zeminiň zynaty, uly-kiçi her bir adam üçin iň mähriban ynsan bolan ene hakdaky aladany döwlet derejesine çykaran  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.