“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetiren eserleri milli sungatymyzyň aýrylmaz bir parçasyna ýugrulandyr. Her bir eserler-de milli ruhda Garaşsyz Diýarymyzyň ösüşli menzilleri aýdyň duýulýar. Aşgabat şäher Büzmeýin etrabynyň Medeniýet Merkezinde Döredijilik eserlerindäki nagyşlaryň şekilleri, tebigatyň gaýtalanmajak tebigy gözellikleri sazlaşykly beýan edilýär.

Nepisden, inçe ýerine ýetirilen eserleriň ählisinde uly zähmet we çäksiz höwes duýgulary uly üstünlik beýan edilýär. Berkarar döwleti bina edip, ýaşlary ýagty ertirlere ynam bilen alyp barýan, Watan diňe halky bilen Watandyr döwlet diňe Halky bilen döwletdir agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris diýip ýurdyň bedew batly ösüşlerinde ýaşlara uly bil baglaýan Hormatly Prezidentimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlaryň alkyşlarynyň çägi yok.

Hormatly Prezidentimiziň “Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulanmaklary,watançy,päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir,ýurdymyzyň durnykly ösüşiniň şertidir”diýen sözlerinden ugur alyp,ýurdumyzyň çagalarynyň,okuwçy ýaşlaryny ruhy taýdan ösmegini,ahlak edep häsiýetiniň berkemegini gazanmak,şeýle-de milli medeniýetimizi we sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga,ýaşlaryň doredijilik ukyplaryny has-da kämilleşdirmäge gönükdirlen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimligi,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebi hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zenanlar ýaşaýşyň gözelligi” ady bilen ýörite döredijilik sergisi hem gurnaldy.

Göreldeli okuwçylarymyzyň ýerine ýetiren eserleriniň ählisinde Watançylyk, duýgulary has aýdyň görünýär. Gül Diýarymyzyň gözel künjekleriniň täsin gözellikleri eserleriniň çeperçilik aýratynlyklaryny görkezilýär.


Mukaddes Garaşsyzlygymyzy hemişelik Bitaraplygymyzy asuda parahat ýurdumyzyň Bagtyýarlygyny, bedew batly ösüşli menzillerimizi ýaş nesillerimiz dürli reňkli we gara galamyň kömegi bilen beýan edýän döredijilik taslamalarynda hakyky çeperçilik mazmunlary sazlaşykly görkezilýär. Watançylyk duýgusynda ýerine ýetirilen eserleriň her birisin-de bagtyýar ýaşlarymyzyň gözel diýarymyza bolan aýdyň buýsançlary ýatyr.

Ýaşamaga, zähmet çekmäge ýaş nesillere bilim terbiýe berip, hünär öwretmeklige döredip berýän ähli mümkinçiliklerine Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlar aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun.