Ene mukaddesligi – keramatyň gözbaşy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky  kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Ene mukaddesligi – keramatyň gözbaşy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlary maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy bolup, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymatly ýörelgesi bolup durýandygy barada  gürrüň berdiler. Şeýle-de mylaýym bahar pasly ýaly elmydama owadan zenanlarmyzyň baýramy, baharyň ilkinji günlerinde bellenilmeginiň özünde uly many bardygy, munuň özi türkmen zenanlary ähli döwürlerde öý-ojagyň ýylysyny maşgalasynyň abraýyny jemgyýetiň ahlak binýatlaryny, ynsanperwer ýörelgelerini, däplerini gorap saklap, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşumyzyň bezegidigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda zenanlarymyza belent sarpa goýýan türkmen halkynyň  Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,  Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.