Aşgabat şäheriniñ medeniýet müdirliginiñ Bagyr medeniýet öýi Medeniýet we sungat işgärleriniñ hem-de Magtymguly Pyragynyñ şygryýet güni mynasybetli Bagtyýarlyk medeniýet öýünde medeni çäre gurnady. Çärede Bagyr medeniýet öýüniñ hünärmeni Meredowa Nurbibi dutar saz guralynda ajaýyp sazlary çalyp berdi we milli medeniýetimiz hakda şeýle gürrüñleri berdi. Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Parahatçylyga we birek-birege ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlykda özara medeni-ynsanperwer gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Ýurtda halkara derejedäki festiwallar, sergiler, maslahatlar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň arasynda agzybirligi hem-de dost-doganlygy kemala getirmekde bu çäreleriň ähmiýeti örän uludyr, diýip asyrlar boýy gelýän baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny giňden wagyz etmekde, dünýä halklaryny medeniýetde we sungatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmakda uly ișler geçirilýär diýip Nurbibi sözüni jemledi.









