Ähli döwürleriň şahyry – Magtymguly Pyragy

Aşgabat şäher  medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen  kitaphanalar  ulgamynyň Büzmeýin kitaphana  şahamçasynyň  guramagynda   “Ähli döwürleriň şahyry – Magtymguly Pyragy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler gündogaryň beýik  akyldary Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň belentden tutulýandygyny, onuň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserlerinde belent  watançylyk duýgusy, edep-terbiýe, ahlaklylyk,  ylym-bilim , ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik ýaly asylly sypatlary  öňe sürýän parasatly pikirler eriş-argaç bolup geçýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň  baý milli-mirasyny, medeni gymmatlyklaryny içgin öwrenmäge, geljekki nesiller üçin gorap saklamaga, dünýä ýaýmaga giň ýol açylandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň  ahyrynda türkmen edebiýatyny dünýä  ýaýmakda uly işler alyp barýan türkmen halkynyň  Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman  Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.