Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgi, Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Garaşsyzlyk Galkynyşyň binasy-bedew atlar dillermiziň senasy” ady bilen medeniýet köşgünde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýänligi, Başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata watanymyzda eýelenýän şeýle ýokary sepgitler, gazanylýan üstünlikler, ilkinji nobatda halkymyzyň agzybirliginiň jebisliginiň, asylly ýol-ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygynyň nyşanydygy, ýurdumyzyň hem-de medeniýetiniň gymmatlygy bolup durýan ganatly bedewler gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedigi, milletiň baý taryhy ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan, belent maksatlaryň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşamak, halal zähmetiň bilen ýurduň ösüşine goşant goşmak her bir raýat üçin uly bagtdyr diýip çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda Diýarymyzy gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen, ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.









