“Milli medeniýetimiz galkynýar”

,

        Şu gün Täze zaman medeniýet öýünde Täze zaman medeniýet öýi we Garadaşaýak medeniýet öýi bilen bilelikde gurnamagynda “Milli medeniýetimiz galkynýar” ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Türkmenistanda her ýylyň 27-nji iýuny Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni dabaraly bellenilýär. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň liderliginde ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşiň kämil belentliklerine ýetendigini hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň dünýä tanadylýandygyny bellediler. Çäräniň dowamynda köp sanly döredijilik çykyşlary, yşky-liriki aýdymlar, milli şahyrana we nusgawy saz eserleri belentden ýaňlandy.

        Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny, nusgawy edebiýatyny has-da  ösdürip, dünýä ýüzünde tanadany üçin Gahryman Arkadagymyza,  Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.