Aýdym-sazly döredijilik duşuşygy

,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň    okuwçylarynyň gatnaşmagynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň  halypa mugallymy bilen geçirilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygyň beýany

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynşy döwründe Halkara Bitaraplygymyza bagyşlanyp Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat  mekdebiniň “Şowhun” hor toparynyň, “Owaz” skripkaçylar toparynyň, “Mukam” dutarçylar toparlarynyň, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Akmyrat Çaryýew bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Geçirilen duşuşykda halypa mugallymyň aýdym-saz sungatyna gelşi barada, halypa şägirtlik ýoly, aýdym-saz barada gürrüň edildi. Döredijilik duşuşykda mekdebiň okuwçylarynyň halypa mugallym bilen alyşan sorag-jogaplary, mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary bilen utgaşyp gitdi. Geçirilen duşuşykda ylyma-bilime höwes joşup duran bagtyýar ýaşlarymyzyň  belent maksatlara ýetmekleri üçin,  ýaşlarmyza görelde bolup duran  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň  uzak  bolmaklaryny  arzuw edildi.