Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin Halk döredijilik öýüniň gurnamagynda “Aşgabat” seýilgähinde gürrüňdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Watanymyz milli däplerimize daýanyp, bedew bady bilen täze ösüşlere tarap ynamly barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň watançylyk ruhuny has-da belende götermekde, ýaş nesli milli gymmatlyklarymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti ulydyr. Rahatlygy, asudalygy, abadanlygy ahlak hem ruhy gymmatlyklarynyň esasy hökmünde görýän halkymyzyň milli ýörelgesinde parahatçylyga, ynanyşmaklyga örän uly üns berilýär we hormat goýulýar. Öz nesilleriniň terbiýesinde hem esasy öwüt-ündewleriniň özeninde birek-birege hormat-sylagy baş ornunda goýýan türkmen halky millilige mahsus bu häsiýetleri sungatyň, döredijiligiň üsti bilen hem dünýä ýaýýar. Edil şonuň ýaly hem halkymyz dünýä medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryny öz däp-dessurlarynyň we ýaşaýyş medeniýetiniň esasynda ornaşdyryp bilýär.
Büzmeýin Halk döredijilik öýüniň medeni köpçülik çäreleriniň guramaçysy Suraý Hudaýgulyýewa we Tans goýujysy Dilber Meredowa çäräniň soňunda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.
Goý, milli mirasymyzy, türkmen halk döredijiligini ösdürmekde, olary ýaş nesillere ýetirmekde uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Büzmeýin Halk döredijilik öýi








