Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly dille dessan getirdiň” ady bilen Aşgabat söwda-dynç alyş merkezinde söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, parahatlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyr bolandygy hem-de akyldar şahyryň şygyrlary döredijilik bilen iş salyşýan her bir adam üçin ylham çeşmesi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de dana şahyrymyzyň bagtyýar ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde Magtymguly atamyzyň eserleriniň ähmiýetiniň örän uludygy barada gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.