Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Parahatlyk ýoly – dostluk-doganlyk ýoly” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler kalplara ylham bolup dolýan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” asuda asmanymyzyň astynda, parahat zeminimiziň üstünde amala aşyrylýan beýik işleriň dowamat-dowam bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de adamzat durmuşunda parahatçylyk we ynanyşmak wajyp orna eýe bolup, bu gymmatlyklar ýaşaýyşyň döredijilikli zähmetiň baş girewidigi, agzybirligiň abadançylygyň kepili bolup durýandygy barada bellediler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.