Watana wepalylyk – mukaddes borç

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän 11-nji orta mekdepde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli “Watana wepalylyk – mukaddes borç” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Watan goragy mukaddesdir, şol mukaddeslige uýýan, sarpa goýýan, goraýan adam özüne ynamly, ynsaply salykatly ynsandygy, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlary merdanalyk, Watançylyk ruhynda terbiýelemegiň nusgalyk gollanmasy bolup hyzmat edýän “Watan goragy mukadessdir” atly kitabynda “Watan, ene toprak üçin gara başy orta goýmak her bir türkmeniň borjudyr” diýýän sözleri ýaşlaryň kalbynda peder pendi bolup orun alýandygy barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän, ýurdumyzyň şan-şöhratyny beýgeldýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.