Magtymguly – dünýäniň akyldary

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen  Aşgabat  şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport  baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş  dabarasy geçirildi.

   Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan  dörän  “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly  täze kitap türkmen halkynyň milli mirasynyň halkara derejesinde wagyz edilmegine möhüm goşant goşmak bilen, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasynyň häzirki döwürde-de gymmatly we ygtybarly  ýolbeletdigini ýene bir gezek äleme aýan edýänligi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen edebiýatyny dünýä ýaýmakda uly işler alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.