Parahatçylygyň mizemez binýady

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher Komitetiniň bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Parahatçylygyň mizemez binýadyady bilen  Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde parahatçylyk – ynsan ömürleriniň, nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragy bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasaty dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýandygy barada gürrüň berdiler. 

Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle döwletli döwrany, bagtyýar günleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.