Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet  Neşirýat gullugynyň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli wagyz-nesihat  çäresi  geçirildi.

 Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiziň  toýdur-baýramlara beslenýändigini şeýle-de eziz diýarymyzda  Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy, ähli watandaşlarmyz üçin guwançly wakalaryň biri bolandygyny bellediler. Şeýle-de parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýändigini uly buýsanç bilen bellediler.

      Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň parahatlygy, asudalygy halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda  taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözlerini aýtdylar.