Galkynyş toparynyň belent üstünligi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Galkynyş toparynyň belent üstünligi ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürüňdeşlikde çykyş edenler bagtyýar günlerimizde, Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolandygy, munuň özi ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen türkmen sirk sungatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň, dünýä derejesine çykýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.  

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, dünýä ýaýmakda döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.