At – türkmeniň buýsanjy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda “At – türkmeniň buýsanjy”  ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler bedew batly ösüşlerimiz hem-de gazanýan uly üstünliklerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp,  Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda  “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monoko Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy belent ösüşlerimizi has-da dabaralandyryp, şanly ýylymyza aýratyn ýalkym çaýýandygy barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda täze taryhy döwrümiziň zynaty bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.