Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda “Dünýä dolan dabara” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler ýurdumyzyň her güni şatlykly wakalara, ýakymly pursatlara beslenýändigini, Monakoda geçirilen, sirk dünýäsiniň iň meşhur bäsleşigi hasaplanýan Monte-Karlo sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” toparynyň täsin çykyşlary bilen Baş baýraga hem-de ýörüte baýraklara mynasyp bolmagy Türkmenistan döwletimiziň abraýyny has-da ýokary derejä göteren wakalaryň biri bolandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp eserinde “Gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy bilen haýran galdyrýan bedewler türkmen gerçeginiň müdimi ýaranydyr” diýip belläp geçmegi, türkmen halkynyň atşynaslyk sungaty ýöne bir miras bolman, ol ýaşaýşa bolan söýgüni müdimileşdirýän ebedi sungatdygy hakynda beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda atçylyk sportynyň we sirk sungatynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda beýik tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.