Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Galkynan göwünleriň telwasy siz Galkynyş” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň paýtagty Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Altyn baýragyna mynasyp bolmagy, külli türkmen halkynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ýeňişlere beslenjek menziliniň badalgasyna öwrülendigi barada bellediler. Şeýle-de at-owazasy äleme dolan türkmen bedewleri halkymyzyň atşynaslyga, atçylyk sirk sungatyna näderejede ähmiýet berilýändigi barada uly buýsanç bilen beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň dowamynda gözellikde, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk keramat saýylýan bedew atlar barada gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Türkmen medeniýetini milli gymmatlyklarmyzy ösdürmekde ony dünýä ýaýmakda uly işler alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.