Ruhy baýlygyň gymmatly hazynalary

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň   Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň 84-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda “Ruhy baýlygyň gymmatly hazynalary” ady bilen   wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjenidigi, nesilleriň ylham çeşmesi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitaby halkyň söýgüsini gazanyp, halkymyzyň milli, edebi mirasyna bolan buýsanjyny has-da artdyrýandygyny nygtadylar, bu bolsa hormatly Prezidentimiziň kitabynda akyldar şahyr türkmen milletiniň hem-de döwletiniň kemala gelmegine uly goşant goşandygy, Magtymguly Pyragynyň baky şöhrata beslenen ady diňe bir  türkmen edebiýatynyň däl-de, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhyna-da müdimilik ýazylandygy barada belläp geçdiler.    

Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.