Waspyň dilde dessan bedew

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Waspyň dilde dessan bedew” ady bilengürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimizi wasp edýän, ajaýyp kitaplarynda ahalteke bedewlerimiziň waspynyň  giňişleýin beýan edilýänligi şeýle-de gözellikde, ýyndamlykda, wepadarlykda öçmejek yz goýýan, toý-baýramlarymyzyň bezegi, türkmen halkynyň milli  buýsanjy bolan bedewlerimiziň häzirki wagtda şan-şöhratynyň  arşa galýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň  ahyrynda ahalteke bedewlerimiziň ýyndamlygyny, owadanlygyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alyp barýan işlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.