Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Ahalteke bedewi – gözelligiň nusgasy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde ahalteke bedewlerimiz ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrülendigi we häzirki döwürde öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem türkmen bedewlerimiziň waspyny bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýänligi barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda täze döwrümiziň zynaty bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.