Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda  “Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekanydygyny, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistan  döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty öz gözbaşyny hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan alyp gaýdýan  Bitaraplyk  ýörelgeleri pederlerimiziň parahatçylyk, asuda, abadan durmuş hakyndaky isleg-arzuwlarynyň wysalydygy barada belläp geçdiler.

 Çäräniň ahyrynda  dünýäde  parahatçylyk  taglymatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.