Kitaphana – hazynalar ojagy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy, Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň we Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň iş tejribeligini geçýän talyplary bilen “Kitaphana – hazynalar ojagy” ady bilen Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanada gürrüňdeşlik geçirildi.

          Çärede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga bolan höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň tassyklanylandygy, bu maksatnamanyň esasy wezipesi ýurdumyzda kitaphana işini döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine hyzmat etmekden ybaratdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda kitaphana ulgamyny has-da ösdürip, döwrebaplaşdyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.