Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar  ulgamynyň  Durdy Gylyç adyndaky  kitaphana  şahamçasynyň guramagynda Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde “Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym” ady bilen  göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

“Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym” ady bilen gurnalan göçme kitap sergisinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri, Beýik akyldar şahyrymyz, dünýä şygyrýetiniň göwheri Magtymguly Pyragynyň dünýä dillerinde neşir edilen kitaplary, şeýle-de ýurdumyzyň tanymal ýazjy-şahyrlarynyň dürli temalardaky, Watanmyzy wasp edýän çeper edebiýatlary ýerleşdirilip bu kitap sergisini has hem baýlaşdyrmakda öz beýanyny tapýandygy barada gürrüň berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

    Çäräniň ahyrynda  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.