
2025-NJI ÝYL – «HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY»
Bãşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniñ okuwçylary bilen Türkmenistanyñ suratkeşler birleşiginiñ sergi zalynda Türkmen alabaýynyň baýramçylygy mynasybetli gurnalan sergilerden pursatlar.
Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniñ okuwçylary bilen Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine teleýazgysyny we açyk howada surat çekmek tejribeligini geçirmäne gitdik.
Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ösüşli menzilleri watandaşlarymyzyň göwünlerini galkyndyrýar. Bagtyýarlyk buýsanjyndan galkynýan ýurdumyz belent maksatlar bilen öňe ilerläp, döwletli Diýarymyzyň her bir ösüşli pursatyna mynasyp seslerini goşýarlar. Şeýle ruhda zähmet çekýän Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary […]
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniñ ýaşajyk zehinli okuwçysy Moskwada geçirlen döwlet bäsleşiginde ýeňiji boldy. Zehinli ýeňiji okuwçmyz mynasybetli baýrak gowşurylyş dabarasy gurnaldy.
Şu gün Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebinde Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp dabaraly baýramçylyk konserti geçirildi. Ata Watanymyzda her okuw ýylynyň başynda täze okuw mekdepleriniň, bilim ojaklarynyň düýbüniň tutulmagy indi asylly däbe öwrüldi. Ýaş nesil baradaky alada, ony milli gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup […]
Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi Türkmenistanyñ Döwlet çeperçilik akademiýasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçiriljek «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşige bagyşlanyp tegelek stolyñ başyndaky teleýazgysyny geçirdik.
“Garaşsyzlygymyzyñ merjen däneleri” atly zehinli çagalaryñ arasynda guralýan bäsleşikde Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň hem “Altyn-zehin” aýdym-saz toparymyz çykyş etdiler. Bu zehinli, ylhamly çagalaryň arasynda okuwçylarymyz hem heýjanlanyp ýurdymyzda geçirilýän her bir baýramçylyk dabarasyna uly buýsanç bilen gatnaşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, okuwçylarymyzyñ aýdym-saza bolan höwesleri hem gün-günden artýar.
“Arkaç” söwda we dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy aýdym-saza beslendi. Bu baýramçylyk güninde Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň “Güneş” skripkaçylar topary uly şowhun bilen çykyş etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dost-doganlyk gatnaşyklary berkidilýär we okuwçylarymyz hem Koreýa döwletiniň ýaş zehinlileri bilen söhbetdeşlik etdiler. Soňra özleriniň alkyş kelamyny aýtdylar. Baýramçylyk dabarasyndan […]
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli geçirilen hasabat konsertiniň açylyş dabarasy uly şowhun bilen başlady. Bu konsertda mekdebimiziň “Altyn zehin” aýdym-saz toparymyz, şeýle-de “Joşgun” hor toparlarymyz çykyş etdiler. Bu baýramçylyk ýörite okuw maksatnamasy esasynda düzildi.
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Beýik Magtymgulynyň goşgularyny okap ýaşajyk suratkeşler sergileri gurnamagyny dowam edýärler. Geçilýän sapaklarda “Açyk howada surat çekmek” boýunça mekdebimiziň töwereginde, Aşgabat seýilgähinde, paýtagtymyzyň gözel ýerlerinde ýaz pasly bilen baglanyşdyryp wasp edýärler.