
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli geçirilen hasabat konsertiniň açylyş dabarasy uly şowhun bilen başlady. Bu konsertda mekdebimiziň “Altyn zehin” aýdym-saz toparymyz, şeýle-de “Joşgun” hor toparlarymyz çykyş etdiler. Bu baýramçylyk ýörite okuw maksatnamasy esasynda düzildi.

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Beýik Magtymgulynyň goşgularyny okap ýaşajyk suratkeşler sergileri gurnamagyny dowam edýärler. Geçilýän sapaklarda “Açyk howada surat çekmek” boýunça mekdebimiziň töwereginde, Aşgabat seýilgähinde, paýtagtymyzyň gözel ýerlerinde ýaz pasly bilen baglanyşdyryp wasp edýärler.

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebinde “Adyň mydam ýaşar gursakda” atly Ýeňiş günine bagyşlanyp geçirilen mekdep okuwçylarynyň baýramçylyk konsertiniň beýany. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillermiz milli ruhda terbiýelenýär, olara watansöýüjilik gymmatlyklaryny öwredilýär. Watan hakda oýlanaňda ilki bilen onuň goragy, asudalygy göz öňüňe gelýär. Ýaş nesillermize merdana pederlermiziň nusgalyk ýoluny öwretmek […]

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň hor toparynyň çykyşy geçirildi.

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli geçirilen hasabat konserti. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe ösüşlere bedew bady bilen öňe barýan türkmen diýarymyzyň her bir güni toýdyr baýramlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňden görüjilikli syýasaty netijesinde medeniýet ulgamynyň ähli ugurlary bilen bilelikde çagalar sungat mekdepleriniň işini kämilleşdirmek boýunça zerur […]

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli “Pyragydan ruhlanan ussat” atly sergisine Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaşajyk suratkeşleri myhmançylykda boldylar.