212

"Arkaç" söwda we dynç alyş merkezinde gezelenç çäresi

image



 

 

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiñ, Bagtyýarlyk medeniýet öýüniñ hünärmeni Igdirowa Täçnabat Aşgabat şäherinde täze açylyp ulanmaga berilen "Arkaç" söwda we dynç alyş merkezinde gezelenç çäresini gurnady. Ol "Arkaç" söwda we dynç alyş merkeziniñ haly we şaýsepler bölüminiñ, özünde we höwesjeñ çagalarda has täsir galdyrandygyny belläp geçýär. Ol ýerdäki dokma önümlerinden taýýarlanan el torbalar, bezeg üçin niýetlenen önümler, dürli ölçegdäki halylar hem-de dürli şaýsepler özleriniñ nepisligi, owadanlygy bilen görenleri haýran galdyrýar diýip giñişleÿin gürrüñ berdi. Sözüniñ soñunda türkmeniñ milli el işlerini, şaýseplerini umuman türkmeniñ milliligini ösdürmekde we dünýä tanatmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlaryny aýtdy we olaryñ janlarynyñ sag, başlarynyñ dik bolmagyny, her bir tutýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdi.